BILBIL OWAZLY AÝDYMÇY
Balkan welaýat kitaphanasy we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde «Türkmen bilbili» diýip at alan Medeniýet Şahberdiýewanyň ömri we ýerine ýetirijilik ussatlygyna bagyşlap «Bilbil owazly aýdymçysy» atly edebi-sazly çäre geçirildi.
Çärede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde milli medeniýetimizi, sungatymyzy kämilleşdirmekde sungat äleminde öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi ýatlap halypa şägirtlik ýoluny ösdürmekde aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýmakda örän uly işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda şeýle-de hem ussat halypa Medeniýet Şahberdiýewanyň ýerine ýetirijiligi barada buýsançly gürrüňler edildi. Halypanyň ýolyny dowam etdirýän şägirtleriň ýerine ýetiren şirin owazly aýdymlary çärä gatnaşanlara lezzet paýlady. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlar «Türkmen bilbili» diýip at alan halypanyň örmi we döredijiligine bagyşlap gurnalan kitap sergisine syn etdiler.