ZENANYŇ BAGTY–ZEMINIŇ BAGTY


ZENANYŇ BAGTY–ZEMINIŇ BAGTY

Her ýylyň bahary Halkara zenanlar güni–gelin-gyzlaryň baýramy bilen başlanýar. Gelin-gyzlarymyz bahara, bahar bolsa gelin-gyzlarymyza meňzedilýär. Häzirki döwürde Halkara zenanlar güni milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýurdumyzda giňden bellenilýär. Munuň özi zenanlarymyzyň döwletimiz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalýandygynyň güwäsidir. Jemgyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan zenanlarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eýeleýän işjeň orny olaryň özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine goşýan goşantlarynda hem aýdyň görünýär.

Bahar paslynyň buşlukçysy, gözelligiň we söýginiň baýramy bolan Halkara zenanlar güni mynasybetli tutuş ýurdumyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gelin-gyzlaryň adyna mähirli arzuwlar we gutlaglar ýaňlanýar, konsertler, bäsleşikler, dürli duşuşyklardyr beýleki çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem Halkara zenanlar gününe bagyşlap «Zenanyň bagty–zeminiň bagty» atly sergi gurnaldy.

Sergi gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan türkmeniň bahar paslyny ýatladýan al-elwan gülleriň reňklerini özünde jemleýän elde keşdelenen milli egin-eşikler sergä bezeg berýär. Bulardan başga-da sergide muzeýiň gaznasynda goralyp saklanylýan gadymy zenan şaý-sepleri we häzirki döwürde döredilen zergärçilik eserleriniň birnäçesi görkezilýär. Ussat suratkeşlerimiziň hem-de muzeýiň hünärmenleriniň çeken eserleri sergä gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Serginiň dowamynda halypa nakgaşlarymyz Y.Gylyjowyň «Jadyly nagyşlar», Ş.Akmuhammedowyň «Halk döredijiligi» atly eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň gadymdan gaýdýan inçe senedini wasp edýärler. R.Muhammedowyň «Ene», G.Barannikowanyň «Gelin», ýaly eserlerinde bolsa mähriban enelerimiziň ýaş nesilleri terbiýelemekde we maşgalada örän uly ornunyň bardygyny görmek bolýar. Ş.Rejepowyň «Gadymy senet» atly eserinde çeper elli gyz-gelinlerimiziň döreden önümleri öz beýanyny tapýar. Kupriniň nakgaş eserinde bolsa reňkleriň ýitiligi ýaz paslynyň ajaýyplygyny ýatladýar. Sergide Döwlet muzeýiniň hünärmenleri G.Baýramowyň «Milli şaý-sepler», G.Ýazmuhammedowanyň «Milli gymmatlyklarymyz» atly nakgaş eserleri hem görkezilýär.