EL KEŞDELI TAHÝALAR MILLI GYMMATLYKLARYMYZYŇ AJAÝYP NUSGASY


EL KEŞDELI TAHÝALAR MILLI GYMMATLYKLARYMYZYŇ AJAÝYP NUSGASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «El keşdeli tahýalar milli gymmatlyklarymyzyň ajaýyp nusgasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen tahýasy medeni gymmatlyklarymyzyň biri bolup, milli medeniýetimize we ruhy mirasymyza uly sarpa goýan halkymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesi esasynda milli mirasymyzy, jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda yzygiderli uly tagallalaryň edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen tahýasynda ene topragyň ýylylygy, zenan kalbynyň mähri, gözel tebigatyň ajaýyplyklary jemlenendigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Berkarar Watanymyzy, agzybir halkymyzy röwşen geljegimize ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.