HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI «GÜLE MEŇZEŞ ZENANLAR» ATLY SÖHBETDEŞLIK
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri we «Aşgabat» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen ýaňy-ýakynda, gözel paýtagtymyzda ýerleşýän, Aşgabat säher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde we işjeň hünärmeniniň gatnaşmagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Güle meňzeş zenanlar» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar gününiň giňden dabaralandyrýan günlerinde milli ýörelgelere laýyklykda geçirilýän bu baýram döwletimizde gelin-gyzlara bolan mähirli gatnaşyklary äşgär edýän diýip aýdyp geçdiler.
Şeýle-de söhbetdeşlikde Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen zenanlaryň jemgyýetde uly ornunyň bardygy, ýurdumyzda köp çagaly maşgalalara döwlet goldawynyň berilýändigi, her ýylda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň zenanlarynyň birnäçesine halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we ondan köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylmagy döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy mährem enelere, mährem enelere, mährem zenanlara görkezýändigi barada, giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda zenanlara, mährem enelere çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.