ZENAN–ÝAŞAÝŞYŇ ÝARAŞYGY
Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Zenan–ýaşaýşyň ýaraşygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlik Halkara Zenanlar baýramynyň öňsyrasynda geçirilip, ýurdumyzda zenanlaryň orny barada söhbet edildi.
Zenanlara maşgala durmuşynda ýaş neslimizi kemala getirmekde we terbiýelemekde ägirt uly orun berilýär. Mundan başga-da ýurdumyzda gender syýasatynyň alnyp barylmagy bilen, zenanlaryň ähli pudaklarda deňhukukly zähmet çekmekleri üçin ähli amatlyklar döredilýär. Halkara Zenanlar baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gyz-gelinlerine pul sowgatlaryny, mundan başga-da sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen gelinlerimizi «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglaýar. Şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, işlemäge döredilýän şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys!