KITAPHANA SYNY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri A.Kekilowyň «Söýgi» atly romanynyň ikinji neşiri, B.Kerbabaýewiň «Goşgular we poemalar» atly kitabynyň ikinji neşiri, G.Seýitliýewiň «Goşgular» atly kitabynyň ikinji neşiri hem-de Ezizgeldi Helleňowyň «Yzzat» atly kyssaly goşgular toplumy bilen tanyşdyrdylar.
Kitaphana synynda çykyş edenler beýik şahsyýetleriň «Şygryýet» äleminde özleriniň ýiti zehini, irginsiz zähmeti, döredijilik gözlegleri netijesinde döreden eserleriniň şu gün hem özüniň ähmiýetini ýitirmeýändigini, bu şahsyýetler türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujylar hökmünde giňden tanalýandygyny beýan etdiler. Şeýle-de kitaplardan gyzykly goşgulary ýatdan aýdyp berdiler.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýurduň, halkyň at-abraýyny barha beýgeldýän, il-gününe eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.