ZENAN ÝAŞAÝŞYŇ ÝARAŞYGY


ZENAN ÝAŞAÝŞYŇ ÝARAŞYGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi we «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda «Zenan ýaşaýşyň ýaraşygy» atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler: «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda, baharyň ilkinji günlerinde biziň käbelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň Halkara 8-mart baýramy döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Türkmen zenanlarynyň her biri bu gün bagtyýar zamanamyzda, eşretli durmuşymyzda, hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan çäksiz hormaty, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraý-mertebesi bilen ganatlanýar diýip, uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda biz üçin eşretli durmuşy bagyş eden türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!