DÜNÝÄNIŇ BAR GÖRKI ENEDIR, ENE
Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, Watanymyzyň gülläp ösüşini, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk ýolumyzy çeper wasp edýän zenan suratkeşleri ilhalar, ýokary çeperçilikli eserleri döretmäge höweslendirmek, olaryň döredijiligine mynasyp baha bermek we goldamak, şeýle hem, eziz Watanymyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýurdumyzyň asudalygyny, ilimiziň abadançylygyny wasp etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan 8-nji mart-Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen, ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň döredijilik eserlerinden düzülen sergi bäsleşiginiň jemleri jemlenildi.
Bäsleşigiň esasy maksady, milli nakgaşçylyk sungatynyň üsti bilen ata Watanymyzyň gülläp ösüşini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, türkmen medeniýetini, milli mirasymyzy, ýol-ýörelgelerimizi çeper beýan edýän kämil eserleriň döredilmegini gazanmakdan hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň suratkeş zenanlarynyň döredijilik hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan ybaratdyr.

Bu bäsleşige zenan suratkeşler özleriniň ajaýyp eserleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň baş baýragyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň direktory Gunça Myradowa «Magtymguly», «Haka salam», «Joralar», «Allanyň öýüne salam», «Päk söýgi» atly nakgaşlyk eserleri üçin, 1-nji orna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Aýjahan Babatäjowa «Enar» atly nakgaşlyk eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Bahar Pirgulyýewa «Bahar», «Günebakarlar», «Kerwen», «Güýz», «Gumly gelin», «Mähirli ojak» atly gobelen eserleri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Enebaý Annaberdiýewa «Gülýaka» şaý-sepler toplumy, 2-nji orna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Mahym Atakowa «Çeper eller» atly nakgaşlyk eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Güljan Şöhratgeldiýewa «Ilkinji ädim» atly heýkel eseri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Gülnäz Rozykulowa «Çynardan», «Jereniň suraty», «Tebigat», «Amazonka» atly nakgaşlyk eserleri, 3-nji orna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Oguljennet Mollaýewa «Narlar» atly gobelen eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Suraý Saparmyradowa «Miras» atly nakgaşlyk eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Merýem Annamyradowa «Ene hüwdüsi» atly grafika eseri ussatlyk bilen ýerine ýetirendikleri üçin mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşanlara höweslendiriji sowgatlar hem dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar zenanlara çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.