GÜNE GARŞY DOGAN AÝY, GÖZEL SEN
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik-syýasy we zähmet işinde, türkmen halkynyň ahlaklylygyny, ruhuny, milli däplerini pugtalandyrmak, ösdürmek we artdyrmak işinde, ösüp gelýän ýaş nesli öz Watanyna söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde zenanlaryň işjeň orny uludyr. Her ýyl ýurdumyzda Halkara zenanlar güni bellenilende türkmen maşgalasynda zenanlara goýulýan ýokary sylag-sarpanyň adamzat jemgyýetiniň iň gowy däplerine mahsusdygyny aýan edýär.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan gurnalan ýokary okuw mekdebimiziň talyp gyzlaryň arasynda «Güne garşy dogan Aýy, gözel sen» atly tanymal ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, tanymal şahyr Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy we nakgaş Gunça Goçmyradowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Jeren Baltaýewa çykyş edip, zenanlarymyza mahsus bolan mylaýymlyk, sypaýylyk ýaly ahlak sypatlary we gylyk-häsiýetleri bilen bilelikde zähmetsöýerlik, gaýratlylyk, öý-hojalyk işlerine ezberlik, el işlerine ussatdyklary baradaky terbiýeçilik häsiýetleriniň berendigini bellediler.
Magtymguly Pyragy gelin-gyzlaryň owadanlygyny Güne deňäp, ussatlyk bilen taryplaýan «Gözel sen» atly goşgusynda:
Gün hanjary gökden ýere inende,
Güne garşy dogan Aýy, gözel sen-
***
diýip, türkmen gelin-gyzlaryny Gün bilen bäsleşýän nurana ýalkyma deňeýär.
Beýik söz ussadynyň bu goşgusynda:
Saçbagyň ujunyň simdir işmesi,
Üstünden ýol düşse, kyndyr aşmasy-
***
diýip, zenanlaryň gözelliginiň aýrylmaz bölegi bolan şamar saçlaryny, saçbag şaý-sepiniň waspyny ýetirýär. Gelin-gyzlaryň saçlaryna timar berip, olary owadan edip örüşleri türkmen ýazyjy-şahyrlaryň kalplara ylham eçilipdir.
Ýurdumyzyň nakgaşlary, grafikaçylary we heýkeltaraşlary ösüşlere beslenen täze eýýamyň buýsançly zenanlary ertirki gününe berk ynamly, jemgyýetiniň deň hukukly agzasy hökmünde suratlandyryp, olaryň ruhubelentlige ýugrulan keşbini, durmuşa bolan ägirt uly söýgüsini öz eserlerinde beýan edýärler. Türkmen keşdeçilik sungaty we dokmaçylyk bilen meşgullanýan zenanlaryň keşbi, milli toý däp-dessurlary Ýuliýa Daneşwaryň, Ýakup Annanurowyň, Yzzat Gylyjowyň, Kakajan Oraznepesowyň, Ogulgeldi Mämmedowanyň, Gunça Myradowanyň, Gylyç Tatowyň, Şemşat Mämmedowanyň nakgaş eserlerinde hakykylyk bilen şöhlelendirilýär.
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda geçirilen döredijilik duşuşygyna gatnaşan talyp gyzlar türkmen edebiýatynda we şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde gelin-gyzlarymyzyň asylly häsiýetleriniň wasp edilişi, tanymal zenanlaryň döredijiligi barada giňden tanyş boldular.
Jeren BALTAÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy