ÝYLLARYMYZ ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR


ÝYLLARYMYZ ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebinde bilim alýan ýaşlara ýylymyzyň ajaýyp şygarynyň watansöýüji ýaşlary terbiýelemeklikde ähmiýetini düşündirmek maksady bilen guran «Ýyllarymyz ösüşlere beslenýär» atly göçme kitap sergisiniň dowam edýän günlerinde hem kitaphana hünärmenleri kitap sergimiz bilen tanyş bolmaga gelýän talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barýar.

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek bu ýylymyzda geçiriljek milli we halkara forumlar şeýle hem alynyp baryljak ylmy-amaly maslahatlar we olaryň ähmiýeti dogrusynda hem gürrüňler diňlenildi. Türkmenistan Döwletimiziň Bitaraplyk ýyllary içinde gazanan üstünlikleri ýeten belent sepgitleri we baky Bitaraplygymyzyň bize beren miweleri hakynda hem kitaphana hünärmenleriniň beren buýsançly gürrüňleri talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi.

Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, Baky Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.