ZENAN GÖZELLIK DÜNÝÄSI


ZENAN GÖZELLIK DÜNÝÄSI

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzy hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirýän oýlanşykly döwlet syýasatlaryny päk niýetler, ýagşy arzuwlar bilen garşylap, Garaşsyz Bitarap ýurdumyz özüni dünýä halklarynyň we ýurtlaryň arasynda hoşniýetli agzybir ylalaşdyryjy ýurt hökmünde tanadýar we parahatçylygy goldaýan umumy adamzat bähbitli işleri amala aşyryjy hökmünde giňden tanalýar. Bu Babatda pederlerimiziň paýhasy siňen, milli öwüşgünlere baý mirasymyzyň pajarlap ösmegi üçin il bähbitli, döwlet ähmiýetli tagallalaryň amala aşyrylýan taryhy eýýamynda, bagtyýar nesillere baý we kämil, haýran galdyryjy mirasymyzy peşgeş beridiler. Şol miras bolsa umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, ol dörediji halkymyza şöhrat getirýär we olaryň hiç biri hem zenan dünýäsinden sowa geçmeýär. Zenanlaryň durmuşda edep terbiýe barada-da tutýan ornyda ulydyr. Olar el işleri bolsun umuman haýsy bir ugry alanyňda zenan elleriniň yzy görünýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen merdana zenanlarymyzyň çekýän asylly zähmetlerini göz öňünde tutup, köp çagaly enelere hormatly atlaryň berilmegi, şeýle hem olara täze ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegi, zenanlara çekýän zähmetlerine görä hormatly mynasyp atlaryň dakylmagy zenan mertebesiniň has-da belentdedigini görkezýär.

Halkara zenanlar gününiň baýram edilip bellenişiniň taryhy bilen tanyşanymyzda 1910-njy ýylda Daniýe döwletiniň Kopengagen şäherinde ilkinji gezek halkara zenanlaryň konfrensiýasynda Klara Setkin tarapyndan 8-nji martda baýram edip bellemeklik orta atylýar we biragyzdan kabul edilýär. 1965-nji ýylda 8-nji marty Halkara zenanlar güni diýip resmi taýdan ykrar edilýär. Onda zenanlary hormatlamak we olary goramak baradaky aladanyň hemişe üns merkezindeligi nygtalýar. Şondan soň bu baýramçylygyň gerimi giňäp Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa, Belarusiýa, Ukraina ýaly ýurtlarda giňden bellenilip başlanýar. Şeýle-de gelin-gyzlar güni şowhunly dabara öwrülip, zenan mertebesi has-da ýokary göterilýär.

Muzeýimizde pasyllaryň soltany bolan baharyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän 8-nji mart baýramçylygyna bagyşlap Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat Dänew etrap birleşigi we Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde «Zenan gözellik dünýäsi» atly gurnalan wagtlaýyn serginiň dabaraly çäresi geçirildi. Gurnalan sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyz, suratkeşleriň bahar paslyny we gelin-gyzlarymyzy wasp edip çeken nakgaş we ýasan heýkel eserleri, bezeg keramika küýzeleri hem-de dürli el işleri görkezildi. Sergini gurnamagyň esasy maksady, ýurdumyzyň bagtyýar geljegi bolan ösüp gelýän ýaşlarymyzy, raýatlarymyzy medeni-mirasymyz bilen tanyşdyrmak, gymmatlyklarymyzy halka ýaýmak, däp-dessurlarymyzy dikeltmekde terbiýeçilik täsirini ýetirmekden we wagyz etmekden ybarat bolup durýar.

Dabara gatnaşyjylar milli we medeni mirasymyzy öwrenmekde, toplamakda, gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda edýän tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýtdylar.