MADDY GYMMATLYKLARYMYZYŇ GORALYP SAKLANYLMAGY
Baý medeni mirasymyzy giňişleýin we çuňňur öwrenmäge, dikeltmäge, gorap saklamaga, wagyz etmäge Türkmenistanda döwlet ähmiýetli möhüm wezipeleriň biri hökmünde uly üns berilýär.
Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri gaznany baýlaşdyrmak maksady bilen halkyň arasyna iş saparlaryna gidip milli mirasymyza degişli maddy gymmatlyklary toplaýarlar, öwrenýärler, wagyz edýärler. Türkmen zenanlarynyň egin-eşikleri, hojalykda ulanan gap-gaçlary, zähmet gurallary muzeýimiziň gaznasyna tabşyryldy we muzeý gaznasyna hasaba alyndy.
Türkmen halky külalçylyk önümçiligi bilen irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelipdirler. Türkmenlerde küýze önümlerini ýasamak işi gadymy döwürlerden başlap, biziň häzirki günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Arymsylygy we päkizeligi baýdak saýýan türkmen zenany saçynyň daşda-içde ýa-da haly palasyň aşagynda görünmegini gaty aýyp hasaplapdyrlar. Şonuň üçinem gyzyň saçy örüme girenden, ejesidir ýeňňesiniň, aýal doganydyr daýzasynyň haýsam bolsa birisi tarapyndan oňa aýna bukja tikilip, sowgat berlipdir. Ol bukjada gyz maşgalanyň ýüzüne timar bermegi üçin aýnasy, saçyna serenjam etmegi üçin daragy saklanypdyr.
Türkmen zenanlarynyň köýnekleri gündelik, toý köýnekleri ýaly görnüşlere bölünýär. Adaty giň we uzyn köýnekler gündelik geýmäge amatly we ýeňiljek bolup olaryň biçüwi sada we ykjamdyr. Toý köýnekleri has bezemen, gözegelüwli bolup olaryň tikilişi, bezelişi çylşyrymlydyr. Toý köýnekleriniň tikilişinde birnäçe ynançlar hem ýerine ýetirilipdir.
Türkmen zenanynyň waspyny ýetirjek bolsaň, onuň döreden nagyşlaryny synlaýmaly. Sünnälenip döredilen keşdeler türkmen zenanlarynyň zähmetsöýerligini , edep-ekramlylygyny , ezberligini , sabyrlylygyny görkezýär. Ol eneden gyza, ýagny nesilden-nesle geçip gelýän inçe senetdir, milli sungatdyr. Özünde ençeme arzuwlaryň wysal bolmagyny saklaýan milli nagyşlarymyz mähriban enelerimizden galan gymmatly mirasdyr.