AÝDYM-SAZLY HALKARA ZENANLAR GÜNI
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara şanly wakalara beslenýär.
Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Aşgabat şäheriniň 1-nji sazçylyk mekdebiniň «Halkara zenanlar güni» mynasybetli ajaýyp dabaraly konsertlaryň biri geçirildi.
Dabaranyň açylyşyny «Älemgoşar» kiçi hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Gülşat Ödeniýazowanyňky awtorlygynda, sözleri bolsa Nurgözel Gözliýewanyňky «Enelere gutlag», Ken Bergiň «Galop», M.Minkowyň awtorlygynda sözleri Ýu. Entiniňki «Ýagşylygyň ýoly bilen» atly aýdymlary ýaňlandy, hora sazandarlyk eden Weronika Annadurdyýewa, çeper ýolbaşçysy Ýekaterina Tişşenko. Ondan başga-da, kiçi hor topary we mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde Klaus Badeltanyň «Ol garakçy» aýdymy ýerine ýetirildi.


Konsertyň dowamyny Grigorýan Wladimeriň ýerine ýetirmeginde Aram Haçaturýanyň meşhur walsy ýaňlandy.
Şeýlelik bilen Anželika Ýalkapowanyň «Bahar mukamy» atly eserini «Altyn serpaý» skripkaçylar topary ýerine ýetirdi. Bu topara sazandarlyk eden Daniýa Ýazmuradowa, çeper ýolbaşçysy bolsa Anželika Ýalkapowa. Skripkaçylar topary Aleksandra Pahmutowanyň «Saz», Kerim Berdimuhamedowyň «Ýaşa Türkmenistan» (täzeden işlän Anželika Ýalkapowa) atly birnäçe eserleri hem ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň jemleýji pursatlarynda bolsa, «Älemgoşar» kiçi hor topary we «Altyn serpa» skripkaçylar topary bilen bilelikde Merdan Ýazmuradowyň awtorlygynda (täzeden işlän Anželika Ýalkapowa) sözleri bolsa A.Mätäjiňki «Onda bar», Ken Bergiň «Tango», Ýu.Çiçkowyň awtorlygynda, sözleri M.Plýaskowskiýniň «Bagtly çagalyk» atly eserleri bilen konserty şowhunly tamamladylar.