TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ YRAK RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ YRAK RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi, iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar we bu mübärek aýda ediljek doga-dilegleriň Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.

Hormatly Prezidentimiz özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga, ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belledi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide mähirli salamyny beýan etdi.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Yragyň döwlet Baştutany Abdul Latif Raşidiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ýurtda Türkmenistan bilen dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-yrak hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürilýär. Muňa taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary umumy bolan iki halkyň köpasyrlyk gatnaşyklary binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan we Yrak Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän daşary syýasy ugruny hem-de BMG-niň meýdançasynda, beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin yrak tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

«Türkmenistan» gazeti