ÇAGALARYŇ SAGDYNLYGY WE BAGTYÝARLYGY-WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGINIŇ KEPILI
5-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa degişli ýolbaşçylar bilen täze şäheriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy. Şeýle hem bu ýerde gaznanyň işini mundan beýläk-de ýokary derejede ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy esasynda ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegi, sazlaşykly ösüşi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunda Watanymyzyň bagtyýar nesilleriniň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň, çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerini esasy ugur edinýändigini bellemek gerek.
Şu gün hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler, merkezde döredilen mümkinçilikler, bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Türkmenistan» gazeti