ÝAŞ KOMPOZITORLARYŇ DÖREDIJILIGINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ KEŞBI
Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ÝUNESKO tarapyndan 2005-nji ýylda kabul edilen «Medeni taýdan özüni görkezmegiň dürliligini goramak we höweslendirmek» hakyndaky Konwensiýasynyň 20 ýyllygy mynasybetli täze zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we onuň keşbi dünýäniň saz medeniýetinde» atly ýaş kompozitorlaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň jeminiň jemlenmegi mynasybetli konsert geçirildi.
Konsert Ahmat Abaýew we Gulbaba adyndaky baýragyň eýesi Tylla Şirowanyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Hasar dagy» atly eseri bilen başlady. Soňra Kara Karaýew adyndaky halkara bäsleşiginiň diplomaty Enejan Nuryýewanyň ýerine ýetirmeginde Kerim Jumagulyýewiň «Tokkato» atly fortepiano saz guraly üçin döreden eseri diňleýjilere ruhy lezzet paýlady.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Rasul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde «Ýaňlan Diýarym» telebäsleşiginiň ýeňijisi Azat Bazarowyň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestri Saparmyrat Baýlyýewiň «Bu gün» atly ajaýyp aýdymyny ýerine ýetirdiler. Begmyrat Hudaýberdiýewiň «Simfoniýetta» atly sazynyň ýerine ýetirilmegi tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Nurmuhammet Jomartowyň Magtymguly Pyragynyň goşgusyna döreden «Aýa döndi» atly aýdymyny Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewanyň daşary dilinde ýerine ýetirmegi tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldy.
Dabaraly konsert «Ýaňlan Diýarym» telebäsleşiginiň ýeňijisi Azat Bazarowyň, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hor topary we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Saparmyrat Baýlyýewiň «Türkmenistan» atly ajaýyp aýdymy bilen jemlendi.
Şeýle ajaýyp konsertleriň, bäsleşikleriň geçirilip durmagy ýaş zehinli kompozitorlary ýüze çykarmaga we olaryň döreden ajaýyp eserlerini içgin tanamaga, öwrenmäge uly itergi berýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!