ZENAN MERTEBESI-ZEMIN ZYNATY
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynyň «Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary wagyz edýän», bölüminiň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň 26-njy orta mekdebinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan mertebesi-zemin zynaty» atly mowzuk agşamy geçirildiler. Ýurdumyzda zenanlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek, olaryň ähli ugurlarda zähmet çekmekleri, sagdyn bedenli, kämil aň-düşünjeli ýaş nesli kemala getirmekleri üçin oňaýly şertleri döretmek ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýandygy barada gürrüňler berildi. Şeýlede «Zenanlar dünýäniň durky, öýleriň örki» ady bilen kitap sergisini guradylar.