ZENAN-ZEMINIŇ ZYNATY


ZENAN-ZEMINIŇ ZYNATY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaz ýaraşykly enelerimiziň, gyz-gelinlerimiziň sarpasy has-da belent tutulýar. Mukaddes öý-ojagynyň eýesi bolan, tebigatdan görk alan eneler agzybir maşgalalaryň diregi, nesil dowamatyny ösdürijiler hökmünde jemgyýetimizde aýratyn orna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda «Halkara zenanlar» gününiň uly dabara bilen bellenip geçilmegi üçin mümkinçilikler we şertler döredilen.

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýinde «Zenan-zeminiň zynaty» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň halypa kitaphanaçysy Bibigözel Mämmedowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň At gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşirin Annamyradowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Dürjemal Çaňňyýewa hem-de muzeý hünärmenleri Jeren Altyýewa, Ogulşat Dädebaýewa şeýle-de Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler.

Halypa kitaphanaçy Bibigözel Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym mukaddeslige tagzym» atly eserinde mährem eneler hakynda ýazylan ajaýyp dürdäne setirlerinden we gyzykly rowaýatlaryndan gürrüň berdi.

Gülşirin Annamyradowa, Aýgül Ýagşyýewa, Dürjemal Çaňňyýewanyň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde zenanlar barada ajaýyp aýdymlary diňlenildi. Şeýle-de dabara gatnaşyjylar zenanlara aýratyn sarpa, hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Watanymyza çuňňur ýürekden çykýan buýsançlaryny beýan etdiler.