OWADAN DÜNÝÄNIŇ ZYNATY ENE
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Çärjew etrabynyň bilim ulgamyna degişli bolan kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Kitaplar bilimler ojagydyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde kitaphanaçylaryň işini kämilleşdirmek, çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak, kitaphanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak babat-da alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi. Söhbetdeşlik kitaphanaçylaryň arasynda degişlilikde sorag-jogap alşyldy.