«ZEMINIŇ BEZEGI MÄHREM ENELER!» ATLY KITAP SERGISI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi «Zeminiň bezegi mährem Eneler!» ady bilen kitap sergisini gurady. Bu guralan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň enelermiz, käbelerimiz hakynda ýazan ajaýyp eserleri, ýazyjylarymyzyň zeminiň bezegi enelermiz, bahar ýaza meňzeş bagtyýar gelin–gyzlarymyz hakynda ýazan eserleri şeýle hem zenan ýazyjy- şahyrlarymyzyň döreden eserleri goýuldy.