ZENAN-GÖZELLIK DÜNÝÄSI
2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda Halkara zenanlar gününiň bellenilmeginde uly many bar. Sebäbi parahatçylyk we abadançylyk enelerimiziň baş arzuwydyr. Bu babatda, muzeýimizde pasyllaryň soltany baharyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni 8-nji mart baýramçylygyna bagyşlap Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat Dänew etrap birleşigi we Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde «Zenan -gözellik dünýäsi» atly gurnalan wagtlaýyn serginiň dabaraly çäresi hem-de baýramçylyga bagyşlap tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlige «Zenan kalby» ordeniniň eýesi kümüş saçly enemiz Miwegül Berdiýewa, şäheriň 45-nji çagalar bagynyň saz mugallymy Dursun Babanazarowa, muzeýiň hünärmeni Gülälek Batyrowa we «Altyn asyr» Türkmenistan teleýaýlymynyň gurnamagynda geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda zenan mertebesiniň belent tutulýandygy, olara hormat goýulýandygy, köp çagaly enelere döwletimiz tarapyndan goldaw berilýändigi, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlarymyzyň bitirýän işleri üçin döwlet sylaglaryna mynasyp bolýandyklary hem-de ene-mamalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzy dowam etdirmekde döredilip berilýän mümkin-çilikler dogrusynda buýsanç bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen zenanlarymyza döredijilikli zähmet çekmäge, eşretli zamanada ýaşamaga, milli we medeni mirasymyzy öwrenmäge, gorap saklamaga we dünýä ýaýmakda edýän aladalary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdyldy.