Hazaryň Mümkinçilikleri Adamzadyň Hyzmatynda




Hazaryň Mümkinçilikleri Adamzadyň Hyzmatynda

2007-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenbaşy şäherinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň ösüş strategik meýilnamasy bilen gönüden-göni baglanyşykly waka boldy. Munuň özi, dynç alyş we syýahatçylyk industriýasyna, durmuş-ykdysady pudaga kuwwatly daşary ýurt maýasyny çekmegiň hasabyna ýurduň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde täze çemeleşmeleriniň başlangyjy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu deňi-taýy bolmadyk taslamanyň baş maksady türkmen döwletiniň ýurduň ilatynyň durmuşynyň hemme ugurlarynda zerur şetrleri döretmekde alyp barýan durmuş syýasatynyň möhüm ugruny hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Hut şu maksat bilen bu pudaga ykdysadyýetiň ähli ugurlaryndaky maýa goýum işlerini höweslendirmek, bu ugurda işlemäge höwes bildirýän daşary ýurt firmalary we kompaniýalary üçin amatly şertleri döretmek üçin netijeli çäreler gönükdirildi.

Hazaryň türkmen kenary şypahana-dynç alyş we ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Bu ýeriň ýumşak howa şertleri, birnäçe kilometrlere uzaýan altynsow çägeli suwa düşülýän meýdançalary, özüniň owadanlygy bilen haýran galdyrýan deňiz görnüşi, Hazar döwlet goraghanasynyň suwly – batgaly meýdanlarynyň biologik köpdürliliginiň özünde jemleýän şowhunly guşlary tebigatyň bu künjege eçilen eşretleridir. Döwürleýin gezelençlere ýykgyn edýän jahankeşdeler üçin Hazar deňzi boýunça syýahatçylyk ugurlary işlenip taýýarlandy.

Türkmenistan daşary ýurtly işewürlere Hazar sebitiniň ýokary syýahatçylyk mümkinçiligi şertlerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy teklip etmek bilen, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin we beýleki pudaklardaky bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uzak möhletleýin esas döredýär. Türkmenistanda ilkinji erkin syýahatçylyk zolagyny döretmek üçin Türkmenbaşynyň we onuň töwerekleriniň saýlanyp alynmagy, bu ýeriniň arassa howa aýratynlygyndan başga-da, Hazar sebitiniň baý we köpdürli tebigy serişdeleri bilen şertlenendir. Sebitiň çäginde ummasyz uglewodorod serişdeleri, himiýa senagaty we gurluşyk industriýasy üçin mineral serişdeleriniň ýataklary ýerleşendir. Bu bolsa daşary ýurtly maýadarlary çekmegiň möhüm faktory bolup durýar.

Awaza – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň iň bir rowaç taslamalarynyň biridir. Ony döretmekde deňiz şypahanaçylygynyň öňdebaryjy tejribeleri, dünýäniň dürli künjeklerindäki erkin ykdysady zolaklarynda öz beýanyny tapan oňyn täzelikler peýdalanylýar. Bu başlangyç gün-günden täze keşbe girýär, deňiz kenarynda yzly-yzyna täze desgalar ulanylmaga berilýär, olaryň açylyş dabaralary bolýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň iň iri hem-de möhüm desgalarynyň biri-de emeli derýadyr. Onuň uzynlygy 7 kilometre barabar bolup, ol ýaşyl zolaga öwrüldi, Awazanyň şüweleňli seýilgähiniň içinden geçýär. Onuň kenarlarynda onlarça kafeler, açyk telärli restoranlar ýerleşýär. Bu ýerlerde ýörite gämi duralgalary bolup, onda kiçiräk gämiler we gezelenç katerleri saklanyp bilýärler. Derýanyň hanasy örän giň bolup, onuň kenarynda restoranlary, barlary, tans meýdançalary bolan deňiz derejeli ýahtalar hem ýüzýärler.

Häzir Awaza özüniň medeni hem-de binagärlik keşbi bilen deňiz ýakasynda we derýanyň üstünde gurlan şäheri ýatladýar. Haşamly aýmançalary we gelşikli yşyklary bolan köprüler, tämiz kenarlar binanyň diwarlaryna gurulýan tolkunlar Milli syýahatçylyk zolagynyň häzirki döwürde emele gelýän keşbidir. Häzirki döwürde syýahatçylyk zolagynda “Watançy”, “Hazyna”, “Nebitçi”, “Kerwen”, “Kuwwat”, “Serdar”, “Seýrana”, “Berkarar”, “Deňiz”, “Bereket”, “Hasyl” ýaly ýokary ülňülere laýyk gelýän myhmanhanalar hereket edýär. Döwrebap, bäş ýyldyzly myhmanhanalar ýokary derejeli oňaýlylyklary hödürleýärler, syýahatçylyk zolagynyň geljekki desgalarynyň hyzmat ülňüleriniň “altyn” nusgasyny görkezýärler. Belent şypahana jaýlarynyň penjirelerinden deňiz soňsuz giňişligi görünýär, täsin kenarlar göz ýetime çenli uzaýar.

Bu myhmanhanalaryň arasynda gezim edeniňde, häzirki zaman interýerleriniň muzeýine düşen ýaly bolýarsyň. Her bir myhmanhana bezeg we içki düzüm babatynda özboluşly äheňe eýedir. Olar häzirki zaman bilen nusgawy binagärligi sazlaşygyny döredýärler. Bu ýerde ähli zat, myhmansöýerligiň we mähremligiň ruhynda. Olar amatly we bigam dynçlygy üpjün edýär. Bu ýerde ähli zat-otag mebellerinden başlap hyzmat edýän işgärleriň güler ýüzliligine çenli ýakymly.