BAÝRAMÇYLYKDA GÖÇME SERGI
Ýetip gelýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergisini gurady. Sergide türkmen nakgaş sungaty eserlerinden O.Amangeldiýewanyň «El iş», M.Kakabaýewiň «Türkmen gyjaklary», «Türkmen saz gurallary», J.Bekdurdyýewiň «Işden gaýdyp gelmek» atly eserleri, türkmen heýkeltaraş sungaty eserlerinden A.Şetininiň «Harmanda», A.Oramedowyň «Pikir», türkmen keramika sungaty eserlerinden A.Taganowyň «Dag görnüşi», «Suwdaky ýapraklar», G.Gurbanowanyň, «Ýüzi nagyşlar bilen bezelen ýalpak görnüşli tabak» atly eserler baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.