ZENAN ZEMINIŇ GÖWHER GAŞY


ZENAN ZEMINIŇ GÖWHER GAŞY

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň syýasy jemgyýetçilik edebiýatlar bölüminiň gurnamagynda Türkmenbaşy şäheriniň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde 8-nji mart halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan zeminiň göwher gaşy» atly edebi dabara geçirildi. Çärede syýasy jemgyýetçilik edebiýatlar bölüminiň kitaphanaçylary, Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň kitaphanaçysy, şeýle hem talyplar çykyş etdiler.

Çykyş edenler ýurdumyzda kümüş saçly mährem enelerimize, maşgala ojagynyň eýeleri bolan wepaly gelinlerimize, elwan güllere meňzeş gözel gyzlarymyza goýulýan sarpanyň belentde tutulýandygy, çäksiz hormat goýulýandygy, olaryň zeminiň göwher gaşyna deňelýändigi barada belläp geçdiler. Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň çykyş etmeklerinde goşgular diňlenildi.

Goý zenan mertebesini, ene hormatyny, gyz-gelin sarpasyny beýgeldip, bagtyýar durmuşy bagyş edýän, gülläp ösýän Watanymyzyň saýasynda röwşen geljege ruhlandyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun!