Asyrlaryň şaýady


Asyrlaryň şaýady



Lebap welaýatynyň çäginde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy kerwensaraýlaryň galyndylary biziň şu günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Bu bolsa gadymy döwürlerde ata-babalarymyzyň bina galdyrmakda uly ussatlyk tejribesini toplandyklaryna güwä geçýär.
Seňrabat kerwensaraýy Dänew etrabynyň çäginde, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýär. Bu ýadygärlik Orta asyrlarda Amul we Ürgenç, Horezm şäherleriniň arasynda hereket eden kerwen ýolunyň ugruny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Aslynda, kerwen ýolunyň döreýşiniň şu kerwen ýoly bilen baglanyşyklydygy hakynda käbir taryhy maglumatlarda nygtalyp geçilýär. Kerwensaraý pagsadan gurlupdyr. Onuň diwarlarynyň burçlarynda we ortarasynda edilen diňleriň galyndylary biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Bu ýerlerde keramiki gap-gaçlaryň galyndylaryna hem duş gelmek bolýar.
Dörtburçluk görnüşinde gurlan kerwensaraýyň aýratyn ähmiýetli taraplary hem bar. Onuň gündogaryndaky girelgesiniň iki tarapynyň diwarynyň gurluşygynda bişen kerpiçler bilen dag daşlarynyň utgaşdyrylyp ulanylmagy her bir taryhçyny geň galdyrýar. Şeýle hem kerwensaraýyň içine suw goýbermek üçin daş tarapyndan garym gazylypdyr, bu bolsa kerwensaraýy goramakda uly ähmiýete eýe bolupdyr.
Kerwensaraý sekiz asyrdan gowrak wagtyň dowamynda giňden peýdalanylyp, tä geçen asyryň başlaryna çenli ulanylypdyr.

Patma PERMANOWA