BAGTYÝAR ZENANLARYŇ WATAN BUÝSANJY
Mary welaýat kitaphanasynda «Bagtyýar zenanlaryň Watan buýsanjy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde zenanlaryň başarnyklaryny diňe bir däl, daşary ýurtlarda-da dürli ugurlar boýunça geçirilýän ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläp, milletimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýýandyklary barada gyzykly gürrüň edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen döwletinde aýal-gyzlaryň sarpasynyň belent tutulýandygy nygtaldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda şahyrlar türkmen zenanynyň zähmetsöýerliginiň, el işlerini sungat derejesine ýetirmegi başaran zenanlaryň waspyny taryplap okalan goşgulary söhbetdeşlige gatnaşyjylarda uly buýsanç duýgusyny döretdi, her bir güni buýsançly ösüşler bilen nurlanýan döwletimizde zenana goýulýan hormatyň bimöçber ulydygyny nygtap şahyrlar bagtyň eşretli zamanasynda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza beýik maksatly menzilleri nazarlaýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip, bagtyýar şu günümiz, döwletli-döwranly, röwşen ertirimiz üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatlarynyň dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler.