TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI PÜRLI SARYÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 125 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÝATLAMA KONSERTI


TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI PÜRLI SARYÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 125 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÝATLAMA KONSERTI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ussat halypa bagşy-sazandalarymyzyň döredijiligini giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda halypalarymyza bagyşlap geçirilýän dabaralar, her bir medeniýet ojagynda aýdym-saza beslenen ýubileý konsertleri munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Şeýle şanly dabaralaryň biri hem ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda türkmen topragynda ady rowaýata öwrülen Sary bagşynyň uly ogly Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýewiň doglan gününiň 125 ýyllygy mynasybetli ýatlama konserti geçirildi.

Konserdiň başynda Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewiň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň at gazanan artisti Oraz Saryýewiň agasyna bagyşlan «Ýatlama» eseri ýaňlandy. Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň ýerine ýetirmeginde «Lälezar bolar», Işanmuhammet Gündogdyýewiň çeper ýolbaşçylygynda ansamblyň ýerine ýetirmeginde «Säherde», Gunça Muhammetberdiýewanyň türkmen halk aýdymy «Nergiz», Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby çalsana bagşy bäsleşiginiň ýeňijisi Kerim Nyýazowyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazy «Heserli», Gündogdyýew Işanmuhammet we Dursun Täçnepesowanyň ýerine ýetirmeginde gazak sazy «Sary-arka», Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby Aýnäzli Rahmanowanyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazy «Ýargaragözli», Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Aganazar Öwezgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazy «Ybraýym şadilli», Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarowyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymy «Kerem geldi», «Çalsana bagşy» bäsleşiginiň ýeňijisi Serdar Bäşimowyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazy «Neşrep», Saparmyrat Annamyradowyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazy «Bibi», Işanmuhammet Gündogdyýewiň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazy «Burnaşak», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Osman Güjimowyň ýerine ýetirmeginde «Balsaýat» ýaly aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirildi.

Dabaraly konsert Türkmen döwlet binagärçilik we gurluşyk institutynyň mugallymy Şamuhammet Saryýewiň çykyşy bilen jemlendi. Konsertde çykyş eden ussat halypa sazandalara we Türkmenistanyň halk artistlerine gül-çemenleri gowşuryldy.



Merjen ATDANOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» fakultetiniň III ýyl talyby