USSAT HALYPANYŇ DÖREDIJILIK SERGISI
Parahatçylyk ýoly bilen ykballarymyz gül açýar, ýurdumyz dost-doganlygyň, asudalygyň mekanyna öwrülýär. Türkmenistan Watanymyzyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň, döredijiligiň, bedew batly ösüşleriň gözel ýurduna, ajaýyp mekanyna öwrülmegi bizi diýseň buýsandyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni üstünliklere beslenýär. Şeýle üstünliklerde türkmen zenanlarynyň hem uly paýy bar. Gelin-gyzlarymyz milli däp-dessurlarymyzy ýöredýär, ýaş nesillere edep-terbiýe öwredýär. Zenanlarymyzyň şeýle asylly häsiýetleri jemgyýetimizde tutýan ornunyň uludygyny bellemek gerek.
Ýurdymyzda Milli bahar baýramy uludan toýlanýar. Zeminiň görküne deňelýän gyz-gelinlerimiziň baýramy bolan Halkara zenanlar güni her ýyl ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Şeýle wakalaryň biri hem 2025-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň hormatly Il Ýaşulysy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hormatly doktory Babasary Annamyradowyň döredijilik ýygyndysyndan «Parahatçylyk we maşgala agzybirligi» atly serginiň açylyş dabarasydyr. Bu sergide esasan hem halypanyň maşgala mukaddesligine bagyşlanan, aýratynda ussadyň öz ýakynlaryna bolan mähirli söýgüsini wasp edýän şekillendiriş sungatynyň heýkeltaraşlyk we grafika görnüşlerinde ýerine ýetirilip, halk köpçüligine ýetirildi.

Enelerimiziň waspyna özüniň döredijiliginde giň orun berýän heýkeltaraşlyk sungatynyň görnükli ussady Babasary Annamyradowyň enä bagyşlanan eserleri bu serginiň gymmatyny artdyrdy. Türkmen maşgalasynda mukaddes ojagyna wepaly gyzgyn mährini siňdirýän asylly häsiýetli zenanlarymyzyň waspy sungat eserlerinde şahyranalyk bilen şöhlelenýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri milli däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň ruhunda terbiýelemekde, jemgyýetimizde jebisligi pugtalandyrmakda olaryň aýratyn hyzmatlarynyň ýokary derejede durýandygy halypanyň heýkel eserlerinde taraşlanýar.
Heýkeltaraşyň eserlerinde tebigatymyzyň bezegi bolan, miweli baglaryň hasyly almadyr we nar şekilleri serginiň mazmunyny açýar. Munda filosofiki garaýyşlara görä, nyşanalyk hökmünde garalýar. Alma, nar bol hasyllygyň, ýaşaýyşyň, dowamlylygyň, söýginiň nyşany hökmünde alamatlandyrylýar. Filosofiki garaýyşlaryň üsti bilen adamzat durmuşyna mahsus bolan ýaşaýyşyň dowamlylygyny, ynsanyň röwşen geljegini açyp görkezýär. Alma şekili türkmeniň milli häsiýetine mahsus bolan keşpde bir bitewilikde jemlenýär. Umuman türkmen tebigatynyň önümleri sungatyň çeper dilinde şöhlelendirilýär.
Ussat halypanyň döredijiligine şahsy portretleriň owadan nusgalary degişlidir. Olarda adamyň häsiýetiň durnukly taraplary, şeýle hem duýgularyň dünýäsini, şähti açyklygyň ajaýyp nuranalygy keşpleriň her birinde janly häsiýete eýe bolýar. Şeýle ajaýyp eserlere suratkeşiň mähriban käbesiniň portretiniň degişlidigini bellemek gerek. Bu portretde zenan dünýäsini beýan edýän ähli mukaddeslikler bir ýere jemlenýär.
Suratkeş öz zehinini türkmen halkyna we Watanyna bagyş etdi. Onuň döreden monumental we stanok heýkelleri Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň altyn hazynasyna girdi. Heýkeltaraşyň gaýtalanmajak özboluşly eserleri ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde ähmiýetli mekdepdir.