«MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI WE KEŞBI DÜNÝÄ SAZ MEDENIÝETINDE» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi


«MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI WE KEŞBI DÜNÝÄ SAZ MEDENIÝETINDE» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan aýdym-saz sungaty Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän milli aýdym-saz sungatyny düýpli öwrenmek, bu ugurda ýaş kompozitorlary täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak we bu sungatyň iň ajaýyp nusgalaryny dünýä derejesinde ýaýmak boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar.

Döredijilik däpleriniň ajaýyp nusgasyny ýadygär goýan Magtymguly Pyragynyň şygryýet bossany, milli aýdym we saz medeniýetimizi hem baýlaşdyrdy. Magtymgulynyň goşgularynyň many-mazmunyna, düzüliş aýratynlyklaryna kybapdaş aýdymlaryň, heňleriň, mukam sazlarynyň ençemesi döredildi we döredilýär. Şahyryň döreden çuň mazmunly şygyrlary türkmen bagşylary tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilip, diňleýjileriň köňül küýsegine öwrülip toý-dabaralary bezäp gelýär. Umumadamzat ähmiýetli şygyrlary bilen dünýä derejesinde tanalýan türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna we onuň taryhy keşbine bagyşlap kämil aýdym we saz eserleriniň döredilmegi şahyra goýulýan uly hormatdan nyşandyr.

Golaýda ÝUNESKO-nyň «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek» hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli uly dabara bilen geçirilýän we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we keşbi dünýä saz medeniýetinde» ady bilen ýurdumyzyň ýaş kompozitorlarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Suhan Tüýliýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Gurbanmyrat Muhammedow dagylar çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, şahyryň şygyrlarynyň türkmen aýdym-saz sungatyndaky orny barada gürrüň berdiler.

Dabaranyň çäginde «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we keşbi dünýä saz medeniýetinde» ady bilen ýurdumyzyň ýaş kompozitorlarynyň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, 1-nji orna mynasyp bolan Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Hudaýberdiýew Begmyrat, 2-nji orna mynasyp bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Jumagulyýew Kerim, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Baýlyýew Saparmyrat, 3-nji orna mynadyp bolan Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Hanow Döwletgeldi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Akmyradow Aman Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Diplomy we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. Aşgabat şäheriniň 1-nji çagalar sazçylyk mekdebiniň ýörite fortepiano bölüminiň okuwçysy Şirowa Tylla, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Jomartow Nurmuhammet, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Sätiýewa Tylla, Lebap welaýatynyň Saýat etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Täjow Nowruz Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Dabara ýaş kompozitorlar tarapyndan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen we şahyryň çeper keşbine bagyşlanan aýdymdyr sazlar bilen dowam etdi. Sungat ussatlarynyň baýramyny ýada salýan konsert oňa tomaşa edenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Dabara umumadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna çäksiz hormat goýýan, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyzy täze-täze ilhalar aýdym-saz eserlerini döretmäge ruhlandyrýan, parahat, bagtyýar we abadan Diýarymyzyň abraý-mertebesiniň dünýä derejesinde dabaralanmagynyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz arzuwlar bilen tamamlandy.



Ogultäç HOJANAZAROWA



Maddy däl medeni miras müdirligi