«ZENAN WATANYMYZYŇ BUÝSANJY» atly baýramçylyk duşuşygy


«ZENAN WATANYMYZYŇ BUÝSANJY» atly baýramçylyk duşuşygy

Ene ýüreginiň, Zenan kalbynyň baş arzuwy parahatçylyk, dünýäniň abatlygy, Watanyň asudalygy, abadanlygy we il-günüň bagtyýarlygydyr. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi her bir türkmen zenanyny buýsandyran, guwandyran we çäksiz derejede ruhlandyran wakadyr.

Biziň parahat, asuda Türkmenistan Watanymyz uludan tutulýan toý-baýramly iň bir bagtyýar mekandyr. Ýurdumyzda bellenilýän iň arzyly baýramlaryň biri hem gözelligiň, näzikligiň, şol sanda merdanalygyň, zähmetsöýerligiň, döredijilik joşgunynyň, terbiýeçilik ukybynyň eýesi bolan zenanlara bagyşlanan 8-nji mart Halkara zenanlar baýramydyr. Bu baýram öý-ojaklarymyzyň eýesi-söýesi bolan enelerimize, türkmeniň çeper döredijilige baýlygyny döredýän el işleri, sungat eserleri bilen subut edýän gelin-gyzlarymyza goýulýan bimöçber sarpanyň we çäksiz hormatyň baýramydyr.

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Zenan Watanymyzyň buýsanjy» atly baýramçylyk duşuşygy hem 8-nji mart Halkara zenanlar gününe bagyşlanyldy. Duşuşyga ýurdumyzyň sungat ussatlary, artist, bagşy, sazanda zenanlar, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabaraly duşuşykda türkmen zenanynyň maşgaladaky we jemgyýetdäki orny, ýurdumyzda zenanlarymyzyň erkin zähmet çekmegi, nesilleri terbiýelemegi, döwletiň, ýurduň ösüşine milli baýlyklarymyzyň baýlaşmagyna, kämilleşmegine mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigi barada täsirli çykyşlar boldy. Hoş owazly aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar bu baýramçylyk çäresiniň dabarasyny has hem belende göterdi.

Dabaraly duşuşyga gatnaşanlar ömür-örkümiz mukaddes Watanymyzy, eziz Diýarymyzy zenana we onuň çekýän asylly zähmetine hormat goýmagyň nusgalyk ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz döredijilik üstünliklerini, jan saglygyny, türkmen halkyny röwşen geljege atarjak döwletli işlerinde täze-täze rowaçlyklary arzuw etdiler.



Ogultäç HOJANAZAROWA



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy