«ZENANLARYŇ MAŞGALANYŇ BINÝADYNY BERKITMEKDÄKI ORNY» ATLY DUŞUŞYK
Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi bilen bilelikde guramagynda «Zenanlaryň maşgalanyň binýadyny berkitmekdäki orny» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi özüniň muzeý gymmatlyklaryndan düzülen ajaýyp sungat eserlerinden göçme sergisi gurnaldy. Ol ýerde maşgala mukaddesligi, çaga terbiýesi, zenanlaryň döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky orny barada ikitaraplaýyn pikir alşyldy. Iki dostlukly halkyň eli çeper zenanlaryň işleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisi bilen içgin gyzyklanyldy.
