EDEP-TERBIÝE YNSAN BEZEGI


EDEP-TERBIÝE YNSAN BEZEGI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň kitaphanasynda «Edep-terbiýe ynsan bezegi» atly ýaş nesillere edepli ynsanyň jemgyýetimiziň daýanjydygy hakynda düşünje bermek maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmeni ýaşlaryň arassa ahlakly, zähmetsöýer, watansöýüji ruhunda terbiýelenmekligiň döwletimiziň baş syýasatydygyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli işleriň özeninde hem ýaş nesil barada uly tagallalaryň bardygy hakynda täsirli söhbet etdi.

Söhbetdeşligimize işjeň gatnaşan okuwçylaryň edep bilen baglanyşykly öwrenen nakyllaryny, rowaýatlaryny labyzly aýdyp bermekleri duşuşygymyzyň has-da gyzykly geçmegine ýardam etdi.

Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar gelejegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň okap, öwrenip, bilimli, edepli, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerinde ähli mümkinçilikleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyklaryny beýan etdiler.