TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, möwsümleýin işleriň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Ýazlyk ýeralma we gökbakja ekinleri ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi we bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekip, bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

«Türkmenistan» gazeti