PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli kitaphanalaryň ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde bellenilen tertipnamasy esasynda «Aşgabat maliýe–ykdysady orta hünär» okuw mekdebinde «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» ady bilen kitaphanamyzyň baý kitap hazynasyndan gurnalan göçme kitap sergisini geçirdi.
Kitaphana hünärmeni serginiň ilkinji gününde talyp ýaşlara bir hepde dowam etjek göçme kitap sergimiziň many-mazmuny we onuň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy» atly gymmatly eseriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän parahatçylyk diýen belent düşünjäniň ussatlyk bilen beýan edilişi barada hem täsirli gürrüňler diňlenildi.
Nusgawy edebiýatymyzda ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligine beýan edilen asudalygy, rahatlygy ündeýän çeper eserler hem sergimizde öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň sarsmaz sütünleriniň biri bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden belleniljek bu ýylymyzda Bitaraplyk taglymatynyň bize beren miweleri hakynda hem buýsançly söhbetler edildi.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň okap, bilim almaklary üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.
