GELSE NOWRUZ ÄLEME…
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Gelse Nowruz äleme…» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda her bir günümiz toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär.Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde biziň milli baýramçylygymyz bolan Halkara Nowruz baýramy giňden bellenilýär. Nowruz dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Bahar paslynyň gelmegini mydama-da ýaşaýşyň täzeden başlanýan başlangyjy bilen baglanyşdyrypdyrlar, ol täzeden döreýşiň alamaty hökmünde özi bilen diriligi we şatlygy getirýär. Bu gün Nowruz baýramy halkara derejesinde bellenilmek bilen, ol Milli bahar baýramy bolup dünýä ajaýyplyklary eçilýär diýip, uly buýsanç bilen çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.