«PARAHATLYK BÜTIN DÜNÝÄNIŇ GEREGI» ATLY GÖÇME SERGI


«PARAHATLYK BÜTIN DÜNÝÄNIŇ GEREGI» ATLY GÖÇME SERGI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde «Parahatlyk bütin dünýäniň geregi» atly göçme sergi gurady.

Mart aýynyň 12-14-i aralygynda guralan «Parahatlyk bütin dünýäniň geregi» atly bu göçme sergi türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan sungat ussatlaryna bagyşlanyp ýazylan gollanmalar hem-de kitaplar bilen guraldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsany täze belentliklere galkyndyrýan, ruhuny belent edýän, nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz «Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär» diýip belleýär.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gülleýän medeniýetimiz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy, abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapýar. Şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.