PARAHAT WATANYMYŇ TOÝLY BOLSUN NOWRUZY


PARAHAT WATANYMYŇ TOÝLY BOLSUN NOWRUZY

Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Balkan welaýat çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli «Parahat Watanymyň toýly bolsun Nowruzy» ady bilen edebi-sazly çäre geçirildi. Çärede kitaphananyň hünärmenleri ajaýyp oýlanmalary we goşgulary çykyş etdiler, welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Milli öwüşgine beslenen bu çykyşlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abadançylygyny, gülläp ösüşini, saýlap alan döredijilik ýoly bilen öňe barýan ynamly gadamlaryny alamatlandyrdy. Türkmen halkynyň esasy baýramlarynyň biri Nowruz baýramy ençeme asyrlar bäri uludan bellenilip gelýär. Öz gadymy gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu baýram täze günüň döreýşiniň, janlanyşynyň baýramydyr. Guş-gumrylaryň, janly-jandarlaryň gyş ukusyndan oýanmagy, baglaryň pyntyk ýaryp başlanmagy, garlaryň eräp, günüň şöhlesiniň älem-jahana ýylylyk bermegi Nowruzyň alamatlarydyr. Tebigatyň şeýle täsirli janlanmagy ynsan kalbyny hem janlandyrýar, ruhuny göterýär, ýaşaýşa, durmuşa bolan söýgüni döredýär.

Balkan welaýat kitaphanasy «Nowruz geldi ilime» ady bilen sergi gurnady. Sergide goýulan kitaplar barada kitaphananyň hünärmeni giňişleýin syn berdi. Çärede welaýat çagalar sungat mekdebiniň nakgaş we halyçylyk sungaty bölümleriniň okuwçylarynyň nakgaş we gobelen işleriniň sergisi hem giňden ýaýbaňlandyryldy.

Çäräniň ahyrynda Watanymyzy gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.