«TÜRKMENISTAN DOST-DOGANLYK MEKANY » ATLY SERGI
Bagtyýar ýaşaýşa guwanç, durmuş dowamata buýsanç, dost-doganlyk gatnaşyklaryna bolan gyzgyn mähir ynsan ähliniň kalbynda müdimilik ornaşan duýgularyň ummanyndan syzylýar. Sungatyň wezipesi ýeke bir gözelligi döretmek däl, eýsem, ony adamzat jemgyýetine ýaýratmak. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda adamzat gymmatlyklarynyň esasynda sungat eserleriniň üsti bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny birleşdirmek maksady bilen bu günki gün Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistan dost-doganlyk mekany» atly halkara sergi guraldy. Sergide halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däpleri açyp görkezýän ajaýyp sungat eserleri sergilendi. Olaryň arasynda Günbatar Ýewropa şekillendiriş sungatynyň iň naýbaşy eserleri bilen birlikde Türkmenistanyň halk suratkeşleriniň dünýä ýurtlaryny wasp edýän eserleri hem-de Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyplarynyň ýerine ýetirmeginde parahat, asuda diýarymyzy beýan edýän sungat eserleri ýerleşdirildi. Sungat eserleriniň her biri öz döwrüniň, taryhynyň bir parçasy bolup, geçmişi beýan edýän sahna ýaly tomaşaçylara açyp görkezýär. Olaryň her birinde ussat suratkeşiň jemgyýete bolan gözýetimi, dünýä ýüzüniň parahatçylygy, il-güniň mähir muhabbeti, dost-doganlyk köprüsiniň yşygy döreýär.
Pederlerimiziň paýhasy bilen döredilen özboluşly dessurlara ygrarlylygyň binýady bolan parahatçylygyň we ynanyşmagyň durnukly ösüşleri bilen dünýäde ykrar edilýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun belent başlary aman bolsun!

