AKMAÝA ÜSTÜNIŇ TAGTY KEJEBE


AKMAÝA ÜSTÜNIŇ TAGTY KEJEBE

Kejebe akmaýa üstüniň tagty. Gelinalyjynyň esasy we baş milli nyşany. Ol durmuşa çykýan gyzy ak bagta atarýan, öýlenýän ýigidi bolsa göwün söýenine ýetirýän milli gymmatlyklarymyzyň gaýtalanmajak nusgalarynyň biri. Ogul öýerilip, gelin edinilende kejebe gurmak, ony bezäp, besläp gelnalyja gitmek ata-baba dowam edip gelen şowhunly toý däp-dessurlarymyzyň biri. Kejebeli akmaýa türkmeniň bagt toýunyň deňli-derejelidigini, dabaraly hem şowhunlydygyny, gaýyn öýüne döwleti we abraýy bilen ornajak gelniň näderejede arzylydygyny äşgär edýär.

Kejebe diýlende hatar gurap gelýän bezemen düýeler, toý şowhuny, maşgala bagty baradaky arzuw-hyýally göz öňüne getirmeler bütin ruhuňy gaplap alýar we seni ýyllaryň goýnuna sary gaýybana syýahata alyp gidýär. Şonda otursa-tursa “Toýdan ýetirsin!” diýip dileg edýän ýagşy niýetli halkymyzyň dünýä ýüzüniň parahatlygyny, abadan ýaşaýşyny, il-gününiň aman-esenligini arzuwlap, maşgala däplerine ygrarly bolup gelendigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.

Türkmen ýüregi-göwni açyk, ruhy baý halk. Şeýle bolansoň haýsy döwür, nähili taryhy ýagdaýlar, wakalar bolan hem bolsa türkmeniň toýy bezimli kejebeli, dabaraly, geňeşli, aýdym-sazly, myhmanly bolupdyr. Toý saçaklary giňden ýazylypdyr. Il-gün toý edýän ildeşini goldap toýa goşant goşupdyr. Toýda bagşy aýtdyrylypdyr, at çapdyrylypdyr, göreş tutulypdyr. Birnäçe günläp dowam edýän toýlaryň gelnalyja gitmeli, gelin getirilmeli güni ykjam taýýarlygy talap edipdir. Gelnalyja gatnaşjak atbaşçylaryň, düýeleriň bezegi üçin aýratyn alada edilipdir. Kejebe bolsa gelnalyjynyň baş nyşany hökmünde göreniň gözüni dokundyrypdyr.

Kejebe barada söz açylanda “Kejebäň çekmäge ak maýa gerek” diýen aýdym setirleri biygtyýar diliňe gelýär. Munuň özi türkmeniň gelin edinmek ýaly dabaraly, ýatdan çykmajak şatlykly toý gününde akmaýanyň medeni gymmatlyk derejesindäki ähmiýetini, kejebe içiniň bezegi, maşgala gelip goşuljak täze gelne bolan hormaty, dowam edip gelýän ajaýyp däpleri aňyňda janlandyrýar. Şonda edil salgym ýaly bolup, bütin milli buýsanjy bilen, dünýe malyna deňelýän düýeleriň hatar gurap dünýäni haýrana goýup gelin almaga barýan pursaty göz öňüňe gelýär. Gelnalyjynyň bezeg önümleri bolan halylar bolsa türkmeniň görmek isleýän parahat dünýäsiniň görküne görk goşup, dabaraly ýagdaýda bir-birine tirkelip, toýuň ruhubelentligini çar ýana ýaýyp barýan düýeleriň synasyna ýaraşyk, äleme bolsa nur saýýandyr. Toý lybasly gelin-gyzlaryň ýüzem nuranadyr, ýüregem. Kejebeli gelnalyjy türkmen toýunyň ruhubelentligini aňladýan ýaly örän saýhallydyr. Kejebe bolsa dünýäniň iň kämil sungat eserine bäs edýändir. Hawa, şeýdip, kejebeli gelnalyjy türkmeniň toý tutmak medeniýetiniň nusgalykdygyny beýan edýän ýaly saldamly basyp, halkymyzyň taryhy döwürlerini, döredijilikli ösüşini şöhlelendirip, çar tarapyna toý şatlygyny seçip barýandyr. Ol göz öňüne getirmeler, türkmeniň nepis sungat derejesindäki gymmatlyklara juda baý halkdygyny tekrarlar.

Akmaýa üstüniň kejebesini gurmak hem türkmeniň döreden taýsyz sungatydyr. Ol halkymyzyň gözellige bolan mizemez küýseginiň dünýä beren gymmatlygydyr.

Gümmezlije kejebe toý däplerine laýyklykda ýokary derejede guralypdyr. Türkmen kejebesini taýýarlamagyň ýeňil bolmadyk usuly pederlerimiziň nesillere galdyran tejribesi bilen barha kämilleşipdir. Sungat derejesine ýetirilipdir. Kejebäniň ilki bilen gümmezi ýasalypdyr. Kejebe taýýarlamakda söwüt we tal agaçlaryndan peýdalanylypdyr. Agaç entek çygka, gurap ýetişmänkä ony uk görnüşde egreldip, kejebäniň gümmezlije öýjagazyny ýasapdyrlar. Gelin sygar ýaly möçberdäki kejebäniň girelgesi öň tarapynda bolup, onuň içine, gelniň oturjak ýerine ýürek şekilinde haly ýazylypdyr. Ýürek gelniň ykjam oturmagynda ygtybarly serişde bolupdyr. Düýe hatabynyň ýapyşylýan ýeri dagdan agajyndan ýasalypdyr. Malyny janyna deňän türkmen öz bezelgi düýesini hem göz-dilden goramagy ýatdan çykarmandyr. Gelinalyjynyň baş ulagy bolan kejebeli düýe haly önümleri bilen iňňän ýokary derejede bezelipdir. Bezeg işi düýäniň kellesinden başlap, bütin synasyny diýen ýaly örtüpdir. Şeýlelikde, gelin getirjek kejebä eli çeper gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden döreýän halylar aýratyn bezeg beripdir. Kejebeli düýäniň dyzlaryna düýedyzlyklar, gapdallaryna düýehalyklar dakylypdyr. Kejebäniň toý bezegini has gözegelüwli etmek üçin gotazly düýehalyklar hem dakylypdyr.

Halk arasyndaky yrym-ynançlara görä ir wagtlar gelin getirýän kejebäniň öňünden, “Täze gelin rysgaly-döwleti bilen gelsin” diýip, döwletliligiň alamaty hökmünde birnäçe gezek argyşa gatnan düýäni çykarypdyrlar. Şeýle hem gelnalyja barýan düýe hatarlarynyň yzyna torumy tirkäpdirler. Yryma görä, geljek täze gelin maşgalanyň dowamatyny dowam etdirip, köpelip, ösüp-örňesin diýlip ýagşy niýet edilipdir.

Kejebeli düýäni itmek üçin hem nepis örülen alaja dakylypdyr. Kejebäniň depesinde bolsa jaňjagazy bolupdyr. Gelnalyjynyň gyz ýere golaýlandygyny jaň sesi habar beripdir. Bu gelnalyjynyň iň şowhunly pursatlarynyň biridir. Jaň sesine garaşyp duran çagalar: “Gelnalyjy gelýär” diýip, gyz tarapa buşlaýar eken. Gelnalyjynyň jaň sesi bagtyň mukamy bolup toý dabarasyna aýratyn öwüşgin, sowhun çaýypdyr. Ol iki ýaş juwanyň bagt baradaky arzuwlarynyň owazyny töwerege ýaýypdyr. Olaryň maksat-myrada ýetmegini arzuwlaýan ýaly täsin ýaňlanypdyr. Uzak geçmişden eşdilýän ol jaň sesi bagtyň gapysyny kakýan mysaly türkmen düzüniň tämiz howasy bilen seriňe dolýar.

Jaňyň sesi haýsydyr bir habary getirýär. Ýöne şolaryň arasynda uzak ýurtdan ýol aşyp gelýän kerweniň jäň sesi sag-aman öz ýurduňa dolanmagy, iliňe gowuşmagy, gelnaljydaky jaň sesi bolsa toý şadyýanlygyny, toý dabarasyny aňladypdyr.

Kejebäniň bezeginde dürli mata böleklerinden guralyp nepislik bilen taýýarlanylýan bezegler hem mynasyp orun eýeleýär. Taýsyz el hünärine eýe bolan gelin-gyzlar toý kejebesini bezemekligi hem sungat derejesine ýetirip, gelnalyja aýratyn öwüşgin çaýmagy başarypdyrlar. Toý kejebesi gelin-gyzlarymyzyň çeper el işlerini döretmekde tanymallyga ýeten döredijilige eýedigini tassyklaýan gymmatlyk bolup, biziň günlerimize gelip ýetdi.

Eli işlilik türkmen zenanynyň bezegi. Zenanlarymyz wagt tapsa hökman haýsydyr bir tikin-çatyn işi bilen gümradyr. Özara gürrüňdeşlikde-de olar el işleriniň birine meşguldyr, şol pursat hem haýsydyr bir işini bitirýändir. Irki wagtlarda ak öýleriň ähli bezegi, düşegi türkmen zenanynyň el hünäri bilen döredilen gymmatlyklar bilen bezelipdir. Bu barada “Öýi keçeliniň gyzy kejebeli” aýtgysynda-da beýän edilýär. Çünki, keşde çekip, haly dokap, keçe basyp, nahar-şor bişirip bilýän gyzlar hemişe iliň dilinde bolupdyr. Olar aýratyn hormata mynasyp bolupdyrlar. Olaryň zähmetsöýerligi halk döredijilik eserlerinde nusgalyk keşp hökmünde beýan edilýär.

Kejebe baradaky wakalara türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny öwrenmekde edebi çeşme bolup hyzmat edýän ertekilerimizde hem gabat gelýäris. Olarda köplenç, patyşanyň ogly bilen weziriň ogly awa-şikara çykanda akmaýaly kejebäniň üstünden baryşlary hakyndaky wakalar suratlandyrylýar. Patyşanyň ogly: “Kejebäniň içi meniňki diýse, weziriň ogly daşy meniňki” diýýär. Şeýdip patyşanyň ogly kejebäniň içindäki gyza öýlenýär. Muňa “Akpamyk” halk ertekisi hem aýdyň mysaldyr.

Halkymyz hemişe gözelligiň gözleginde. Şol gözleg hem toý kejebesi ýaly ençeme gymmatlyklaryň döremegine getirdi. Türkmeniň el hünäri mizemez sungat. Ýyllar geçýär, heňňamlar aýlanýar, däpler bolsa halkymyzyň asylly ýörelgelerini öz süňňüne siňdirip täze röwüşde dowam edýär. Häzirki döwürde döwrebap bezegli gelnalyjy maşynlar türkmen toýunyň dabarasyny äleme ýaýýar. Döwletli döwranyň gelnalyjysy mukaddeslik hökmünde ýüze sylynýar.



Ogultäç HOJANAZAROWA



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ministrligiň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy