MUZEÝMIZE MEKDEP OKUWÇYLARYŇ GEZELENJI
Ýaňy ýakynda Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Mary şäheriniň №5 nji orta mekdebiniň okuwçylary aýlanmana geldiler. Muzeýiň ylmy işgärleri tarapyndan ýaş nesillerimize milli mirasymyz barada giňişleýin gürrüňler berilýär. Okuwçylary gyzyklandyrýan soraglara täsirli jogaplar berildi. Munuň bolsa, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde örän uly ähmiýeti bardyr.
Türkmen halkynyň taryha ýaň salýan geçmişi biziň ýaşlarymyzy diýseň buýsandyrýar. Ene-mamalarymyz el işlerine diýseň ezber bolupdyrlar. Olaryň çekýan nepis keşdeleri öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar. Kürtedir, çyrpylara salnan nagyşlar nepisligi, sünnälenip ýerine ýetirilenligi üçin muzeýe gelýän adamlary biparh goýmaýar. Şonuň üçin bu täsin sungaty döredip bilen hem-de üstünden asyrlar geçse-de, ony ösdürip kämillik derejesine ýetiren türkmen zenanynyň yhlasyna buýsanýarsyň. Sebäbi, bu täsin nagyşlarda milletimiziň taryhy geçmişi hem-de arzuw eden geljeginiň waspy öz beýanyny tapýar.
Türkmenler esasan gara öýüň gapdalynda hojalygyň el işleri bilen meşgullanypdyrlar. Zenanlar tamdyrda çörek bişiripdirler, nahar taýýarlapdyrlar, keçe edipdirler hem-de haly, palas dokamak bilen meşgullanypdyrlar.
Okuwçylara gadymy Marguş ýurdy barada, maldarçylyk, zergärçilik, awçylyk, dokmaçylyk hem-de türkmen toýlary bilen baglanyşykly däp-dessurlary barada hem gyzykly gürrüňler berildi.
Muzeýler-munuň özi geçmişimiz bilen şu günki bagtly ýaşaýşymyzyň arasynda gurlan ýykylmajak köprüdir.
