TÄZE GÜNÜŇ TELWASY
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen güneşli Watanymyzda toýlar toýa, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Gözbaşyny irki döwürden alyp gaýdýan, pasyllaryň soltany bahar paslynda bellenilýän Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni gündogaryň beýleki halklary bilen birlikde türkmen iliniň hem uludan belleýän baýramçylyklarynyň biridir. Tebigatyň oýanýandygyny, topragyň janlanýandygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni, zemine bolçuluk, bereket getirýär, täze möwsüme badalga berýär.
Ýurdymyzyň ähli künjeklerinde milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni mynasybetli Nowruz ýaýlasynda dürli aýdym-sazly dabaralar, folklor çykyşlar we milli oýunlar uly ruhubelentlik bilen ýaýbaňlanýar. Şonuň bilen bir hatarda 14-nji martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni mynasybetli «Täze günüň telwasy» atly sergi açyldy. Sergide muzeý gaznalarynda saklanylýan nusgalyk, gözelligi, ajaýyplygy, nepisligi bilen meşhur medeni gymmatlyklarymyz görkezildi. Ondan başga ussat suratkeşleriň türkmen tebigatynyň bahar paslyny wasp edýän surat eserleri, hünärmençiligiň ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirilen zergärçilik önümleri bolan bezeg şaýlary, nagyşlaryny tebigat gözelliklerinden alan keşdeler bilen bezelen milli egin-eşikleriň asyl nusgalary serginiň görnükli ýerinde orun aldy. Halk senetçiliginden türkmeniň milli saz gurallary bolan dutary we gyjagy, durmuş, öý hojalyk esbaplarynyň taryhy görnüşlerini synlamak bolsa sergä gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Türkmen sährasynyň gözel tebigatyny, ýaşyl reňke bürenip duran ýaýlasyny, gül-gülälekli meýdanyny, haýwanat dünýäsini janlandyrýan şekilli halylar sergide özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Serginiň dowamynda haly we haly önümleri bilen bezelen tärimiň öňünde milli lybasly maneken gelniň el degirmeninde un üweýän pursatlarynyň hem-de Nowruz baýramynyň buşlukçysy bolan bugdaý maýsalarynyň, milli tagamlar pişmedir semeniniň goýulmagy baýramçylyk däpleriniň öwüşginini has-da artdyrdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgärleri, şahyrlar, ýazyjylar, mugallymlar we ýokary okuw jaýlarynyň talyplary gatnaşdylar.

