NOWRUZ–BAGTYÝARLYK DÖWRÜNI BEZEÝÄN ŞANLY SENE


NOWRUZ–BAGTYÝARLYK DÖWRÜNI BEZEÝÄN ŞANLY SENE

Aşgabat şäheriniň 81-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap saklanýan bölümi, «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde «Nowruz–bagtyýarlyk döwrüni bezeýän şanly sene» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Nowruz baýramy-milli bahar baýramy Garaşsyzlygymyzyň gaýtaryp beren ajaýyp miweleriniň biridir. Onuň kökleri biziň milliligimizden, taryhymyzdan, öz boluşly ruhy dünýämizden gözbaş alýar. Nowruz türkmen halkynyň, galyberse-de, bütin gündogar halklarynyň gadymdan gelýän baýramydyr. Türkmenistanda Garaşsyzlygyň jar edilen ilkinji günlerinden başlap ata-babalarymyzyň ýitirilen ajaýyp däp-dessurlary, halkymyzyň asyrlar boýy ganyna we aňyna siňen baýramçylyklary dikeldilip ugraldy. Garaşsyzlyk döwründe täze dikeldilen Oraza baýramy, Gurban baýramy, Nowruz baýramy, Goňşokara baýramy, Galla baýramy ýaly baýramçylyklar biziň milli Galkynyşymyza ganat berdi, adamlaryň göwün guşlaryny al-asmana uçurdy diýip uly buýsanç bilen söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.