ÝAŞ NESLIŇ ABADANÇYLYGY BARADAKY ALADA-DÖWLETIŇ WE JEMGYÝETIŇ ILERI TUTULÝAN WEZIPESI


ÝAŞ NESLIŇ ABADANÇYLYGY BARADAKY ALADA-DÖWLETIŇ WE JEMGYÝETIŇ ILERI TUTULÝAN WEZIPESI

15-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa gaznanyň müdiriýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda müdiriýetiň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň guramaçylygyna degişli meseleler girizildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilen pursadyndan bäri ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygynyň goralmagyna gönükdirilen çäreler toplumyny amala aşyryp gelýär. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna hem yzygiderli kömekleriň berilmegi ynsanperwer ýörelgeleriň dünýäde ykrar edilýändiginiň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, mejlisde gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen duşuşyklaryň, guraljak sergileriň, okuw maslahatlarynyň guramaçylygyna zerur üns berilmelidigi barada aýdylyp, taryhy ähmiýeti bolan bu senäniň ýokary derejede dabaralandyrylmalydygy bellenildi.

Mejlisde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işini mundan beýläk-de ösdürmek we bu ugurda dünýä ýurtlary bilen özara tejribe alyşmak meselelerine zerur üns berilmelidigi nygtaldy. Munuň paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde işjeň ilerledilmeginde, sogap işleriň dünýä derejesinde wagyz edilmeginde ähmiýetlidigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa bu babatdaky işleriň netijeliligini artdyrmak boýunça birnäçe maslahatlary berdi.

«Türkmenistan» gazeti