MUZEÝMIZE TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI


MUZEÝMIZE TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

«Gökdepe» milli muzeýi, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä Dilleri Institutynyň talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda muzeýiň sergi bölümlerine düşündirişli gezelenç geçirdi. Düşündirişli gezelenji muzeýiň esasy hünärmeni Nurnabat Gurbanmämmedowa alyp bardy. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar Gökdepe söweşiniň taryhyny, türkmen halkynyň gündelik durmuşda ulanan esbaplarynyň asyl nusgalaryny synlap olar barada aýdylan gymmatly maglumatlary üns bilen diňläp, türkmen döwletiniň halk hökmünde kemala gelmegi üçin çekilen azap ýollaryň aňsat düşmändigine aýdyň göz ýetirdiler.

Talyp ýaşlar, 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Bitaraplyk syýasatynyň hakyky manysynyň bu muzeýiň beýan edýän söweşiniň taryhynda esasy orun tutýandygyny belläp, bu gün asuda, erkana döwletde okap bilim almaklarynyň esasy özeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň manysynyň çuňňurlygyna aýdyň göz ýetirdiler.

Çäräniň dowamynda muzeýiň gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan «Bitaraplyk-asudalygyň gözbaşy» atly ýörite wagtlaýyn sergi gurnaldy. Serginiň esasyny türkmen halkynyň taryhyny beýan edýän suratlar we milli gymmatlyklar tutýar. Sergide esasan, halkyň baý taryhy beýan edilýär.

Talyplar özleriniň bilim alýan ojaklarynda dürli dilleri öwrenmek bilen geljekde ýurduň taryhyny dürli dillerde dünýä ýaýmakda şeýle gezelençleriň ähmiýetiniň özleriniň dünýägaraýyşlaryny giňeltmekde uly orun tutýandygyny aýratyn bellediler.

Ýurdumyzda muzeý esbaplaryny ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek, muzeý toplumlarynyň sanyny artdyrmak işlerine uly mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il–ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.