AÇYLMYŞDYR LÄLE REÝHAN, NOWRUZ GELSE DIÝARYMA
Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi, Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli «Açylmyşdyr läle reýhan, Nowruz gelse Diýaryma» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň işjeň agzalary, kitaphananyň hünärmenleri Halkara Nowruz baýramynyň gelip çykyşy, bellenilişi, Nowruz gününde semeni tagamynyň taýýarlanyşy barada täsirli çykyşlar etdiler. Nowruz baýramy biziň döwletimizde halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlige çagyrýan halkara baýramlarynyň birine öwrüldi. Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz gününde türkmen ýaýlasy has-da gözel keşbe girýär. Nowruz baýramynyň şatlygy ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny has-da joşdurýar. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary hem Nowruzy öz goşgularynda wasp edipdirler. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň, Andalybyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň we belli ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde türkmen tebigatynyň, Nowruzyň waspy çeper beýan edilýär. Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.