HÜNÄRIM-YKBALYM


HÜNÄRIM-YKBALYM

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde paýtagtymyzdaky «Aýdyň ädim» kitap dükanynda «Hünärim-ykbalym» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri ýaşlara kitaby söýdürmekde, olary kitaphanalara çekmekde alyp barýan işleri, geçirýän medeni-köpçülik çäreleri barada täsirli gürrüňleri berdiler. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi barada, şol maksatnama esasynda alnyp barylýan işler barada buýsançly gürrüňler etdiler. Söhbetdeşlige höwesjeň okyjylarymyz hem gatnaşdy. Olar bagtyýar zamanamyzy, bagtly çagalygy wasp edýän aýdym-sazlary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem ýaşajyk kitap söýüjilerde aýratyn täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaba, kitaphana ulgamyna aýratyn hormat, sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.