WATANMYZDA ÄHLI PASYL BAHAR-ÝAZ, BIZIŇ ILLERMIZIŇ ÝAZY SOWULMAZ


WATANMYZDA ÄHLI PASYL BAHAR-ÝAZ, BIZIŇ ILLERMIZIŇ ÝAZY SOWULMAZ

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Watanmyzda ähli pasyl bahar-ýaz, Biziň illermiziň ýazy sowulmaz» ady bilen Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler Milli bahar baýramy bolan, Halkara Nowruz baýramy, onuň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, Halkara Nowruz baýramynyň biziň türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän Milli baýramymyz bolup durýandygy, onda dürli näz-nygmatlar bilen saçaklaryň bezelýändigi barada aýtdylar.Milli bahar baýramynda türkmeniň milli tagamy bolan semeni taýýarlanylyp, ol goňşy-golamlara paýlanylýar. Biziň döredijilik işgärlerimiz hem Halkara Nowruz baýramy hakynda dürli goşgulardyr,aýdymlar döretdiler.

Çykyş edenler baýramçylyk dabarasynyň soňunda türkmen halkynyň Milli Liderir Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.