«YŞBU DÜNÝÄ-REÝHAN BU GÜN!» ATLY KITAP SERGISI


«YŞBU DÜNÝÄ-REÝHAN BU GÜN!» ATLY KITAP SERGISI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi «Yşbu dünýä-reýhan bu gün!» ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly kitaplary, şeýle hem türkmen ýazyjy–şahyrlarynyň Milli bahar baýramy, ýagny Halkara Nowruz baýramy barada ýazan ajaýyp eserleri ýerleşdirildi. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.

Asuda asmanyň astynda şeýle bagtyýar döwürde ýaşaýandygymyza türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys.