KITAPHANAMYZA TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna «Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň» talyplarynyň we mugallymlarynyň gezelenji guraldy we olar Döwlet kitaphanasynyň bölümleri bilen tanyş boldylar. Olar esasan Sungat bölüminiň işi bilen aýratyn gyzyklandylar. Sungat bölüminiň hazynasy sungata degişli kitaplardan, döwürleýin neşirlerden, notalardan, audiowizual neşirlerden ybaratdyr. Şeýle hem türkmen kompozitorlarynyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň nota eserleriniň baý hazynasy bar. Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminde okyjylara edilýän kitaphana hyzmatynyň ýenede bir aýratynlygy bar. Ýagny ýekebara ýada topar bolup görmeklik hem-de diňlemeklik üçin audiowizual neşirleriniň fonotekasyna eýedir. Okyjynyň islegine görä bu ýerde diňlenen aýdym-saz eseriniň, ondan başga-da bölümiň golasty hazynasynda saklanýan ses ýazgylaryndaky ýagny-plastinkalardaky bar bolan sazlary saýlap, häzirki döwrebap tehniki enjamlarda diňletmäge döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp talyplar kompozitorlarymyzyň sazlaryny höwes bilen diňlediler. Şeýle-de kitaphanadaky guralan sergiler okuwçylarda we mugallymlarda uly täsir galdyrdy.
Ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.