GELSE NOWRUZ ÄLEME, REŇ KYLAR JAHAN PEÝDA


GELSE NOWRUZ ÄLEME, REŇ KYLAR JAHAN PEÝDA

Türkmen halkymyzda esasan, Merkezi Aziýa halklarynda bolşy ýaly, gadym döwürlerden bäri ençeme däp-dessurlary suratlandyrýan baýramçylyklar, tomaşalar, köpçülikleýin çäreler dowam edýär. Nowruz baýramy türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny, topragyň hasyllylygyny, abadançylygy alamatlandyrýan bu baýram halklaryň parahatçylyga, döredijilige ymtylmasyny şöhlelendirýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şeýle belläp geçýär:-«Müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenen, ajaýyp däp-dessurlary özüne siňdiren Nowruz baýramynyň bu gün adamzady parahatçylyga çagyrýan halkara baýramyna öwrülendigine, halklary birek-birege baglanyşdyrýan hem-de ýakynlaşdyrýan bütindünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde gymmatynyň has-da artýandygyna biz örän guwanýarys»–diýip belläp geçýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy dialogyň, medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, raýdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýaly umumy adamzat gymmatlyklarynyň aýdyň mysalydyr.

Şonuň üçinde häzirki döwürde bu baýramyň halkara derejesinde bellenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu baradaky degişli kararnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň çäginde 2010-njy ýylyň fewralynda biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýinde Aşgabat teleýaýlymynyň ýazga geçirmeginde Milli bahar baýramy we Halkara Nowruz güni mynasybetli «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçysy, Türkmenistanyň Halk artisti Tirkiş Mätnazarow, Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Ýolaman Gurbanow, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň Baş gazna saklaýjysy Jeren Altyýewa çykyş etdiler. Şeýle hem bu dabara Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyp ýaşlary hem gatnaşdylar.

Dabaraly çäre gatnaşyjylar Eziz Watanymyzda dabarasy uludan toýlanylýan Milli Bahar baýramy-Halkara Nowruz güni bilen ähli watandaşlarymyzy, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Serdarymyzy gutladylar. Şeýlede buýsançly sözlerini alkyşlaryny beýan etdiler.